SCRMET
Vacancy
Balkan welaýatyndaky PET çüýşelerini gaýtadan işleýän kärhana önümçilik müdiri we hasapçy wezipelerine hünärmenleri işe çagyrýar
“Arassa Ädim” HJ — PET çüýşelerini gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan kärhana. Balkan welaýatyndaky kärhanamyz üçin jogapkär we işjeň hünärmenleri, şeýle hem işgärleri toparymyza çagyrýarys.
Açyk iş orunlary:
ÖNÜMÇILIK MÜDIRI
- Önümçilik işlerini netijeli guramagy we gözegçilikde saklamagy, toparyň işini dolandyrmagy hem-de öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi başarýan tejribeli ýolbaşçy. Gurluşyk pudagynda iş tejribesiniň ýa-da biliminiň bolmagy artykmaçlyk hökmünde kabul edilýär.
HASAPÇY
- Resminamalar bilen işlemek we kärhananyň maliýe amallaryny alyp barmak üçin jogapkär hünärmen.
ÖNÜMÇILIK IŞÇILERI
- Önümçilik bölümlerinde işlemäge taýýar, jogapkär we zähmetsöýer işgärler.
Iş şertleri:
- Iş ýeri: Balkan welaýaty/ Jebel.
- Durnukly we ösüp barýan kompaniýada işlemek mümkinçiligi.
- Durnukly iş şertleri.
- Hünär taýdan ösmek we özüňizi ösdürmek mümkinçiligi.
Eger siz jogapkärli, işlemäge we ösüp-kämilleşmäge taýýar hem-de biziň toparymyzyň bir bölegi bolmak isleýän bolsaňyz, siziň bilen tanyşmaga şat bolarys!
Dalaşgärlik anketasyny aşakdaky salgylanma arkaly dolduryp we öz rezýumeňizi goşup bilersiňiz: https://forms.gle/RtNPjKEuWKH44pPs8
Read also