SCRMET
Vacancy
Daşoguz welaýatyndaky PET çüýşelerini gaýtadan işleýän kärhana önümçilik müdiri we hasapçy wezipelerine hünärmen gözleýär
“Arassa Ädim” HJ — PET çüýşeleri gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan kärhana. Daşoguz welaýatyndaky kärhanamyz üçin jogapkär, işjeň we ösüşe ymtylýan hünärmenleri toparymyza çagyrýarys.
Açyk iş orunlary:
ÖNÜMÇILIK MÜDIRI
- Önümçilik işlerini guramagy we gözegçilikde saklamagy, toparyň işini netijeli dolandyrmagy hem-de öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi başarýan tejribeli ýolbaşçy. Gurluşyk pudagynda iş tejribesiniň ýa-da biliminiň bolmagy artykmaçlyk hökmünde kabul edilýär.
HASAPÇY
- Resminamalar bilen işlemek we kärhananyň maliýe amallaryny alyp barmak üçin jogapkär hünärmen.
Iş şertleri:
- Iş ýeri: Daşoguz welaýaty, Şabat etraby.
- Durnukly we ösüp barýan kompaniýada işlemek mümkinçiligi.
- Durnukly iş şertleri.
- Hünär taýdan ösmek we özüňizi ösdürmek mümkinçiligi.
Eger siz jogapkärli, işlemäge we ösüp-kämilleşmäge taýýar hem-de biziň toparymyzyň bir bölegi bolmak isleýän bolsaňyz, siziň bilen tanyşmaga şat bolarys!
Dalaşgärlik anketasyny aşakdaky salgylanma arkaly dolduryp we öz rezýumeňizi goşup bilersiňiz: https://forms.gle/PeoPT1AUHsR5XTHJ6
Habarlaşmak üçin: +99371468736
Read also