Vacancy

"Döwletli Döwran" HJ kerpiç önümçiligi üçin tejribeli laborant gözleýär

Döwletli Döwran Hojalyk Jemgyýeti kerpiç önümçiligi üçin himiýa ugry boýunça bilimli we laboratoriýa işlerinde tejribesi bolan laborant gözleýär.

Biz himiýa boýunça bilimlerini iş ýüzünde ulanmaga, täze düzümleri işläp taýýarlamaga we önümçiligiň hilini ýokarlandyrmaga gyzyklanýan jogapkär hünärmeni toparymyza çagyrýarys.

Esasy wezipeleri:

  • Laboratoriýada zerur derňewleri we barlaglary geçirmek.
  • Önümçilikde ulanylýan çig mallaryň we taýýar kerpiçleriň hilini barlamak.
  • Täze düzümleri işläp taýýarlamaga we synagdan geçirmäge gatnaşmak.
  • Önümçilik prosesine laboratoriýa tarapyndan goldaw bermek.

Hökmany talaplar:

  • Himiýa ýa-da ugurdaş hünär boýunça bilim.
  • Himiýa boýunça gowy bilim we ony iş ýüzünde ulanmak başarnygy.
  • Jogapkärçilikli bolmak we iş tertibini berjaý etmek.
  • Türkmen we rus dillerini bilmek.
  • 24–35 ýaş aralygy.

Goşmaça artykmaçlyklar:

  • Laboratoriýada iş tejribesiniň bolmagy.
  • Iňlis dilini bilmek.
  • Täze düzümleri işläp taýýarlamaga we önümçilik proseslerini kämilleşdirmäge gyzyklanma.

Biziň gözleýän hünärmenimiz:

  • Himiýa boýunça bilimlerini ösdürmäge, laboratoriýa barlaglaryny takyk ýerine ýetirmäge we önümçiligiň hiline goşant goşmaga taýýar, ünsli hem-de jogapkär adam.

Wakansiýa bilen gyzyklanýan bolsaňyz, salgylanma arkaly anketany dolduryp, öz dalaşgärligiňizi hödürläp bilersiňiz.

Contact
Employer:
"Döwletli Döwran" HJ
Phone:
+99371468736
Mail:
career@awtoyoly.com
Region:
Ashgabat
2022