Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin, Köpetdag etraplarynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri hem- de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde, 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligiKärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde, agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini; işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýär.

Habarlaşmak üçin salgysy we telefon belgileri:

  • Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi, (Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 148-nji jaýy) tel: 39-34-56.
  • Bagtyýarlyk etraby (Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 148-nji jaýy) tel: 39-34-64.
  • Berkararlyk etraby (Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 148-nji jaýy) tel: 39-34-71.
  • Büzmeýin etraby (Oguzhan köçesiniň 8-nji jaýy)  tel: 35-12-69.
  • Köpetdag etraby (Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 148-nji jaýy) tel: 39-34-76.
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, (S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy) tel: 22-74-07.

Read also
2022