Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler
Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin, Köpetdag etraplarynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri hem- de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde, 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligiKärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde, agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini; işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýär.
Habarlaşmak üçin salgysy we telefon belgileri:
- Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi, (Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 148-nji jaýy) tel: 39-34-56.
- Bagtyýarlyk etraby (Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 148-nji jaýy) tel: 39-34-64.
- Berkararlyk etraby (Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 148-nji jaýy) tel: 39-34-71.
- Büzmeýin etraby (Oguzhan köçesiniň 8-nji jaýy) tel: 35-12-69.
- Köpetdag etraby (Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 148-nji jaýy) tel: 39-34-76.
- Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, (S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy) tel: 22-74-07.








