Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda ilata boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Etrek etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Etrek etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli ilata boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändiklerini habar berýärler.

Etrek etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi  kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini, işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýär.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Etrek etrabynyň Etrek şäheriniň Magtymguly köçesiniň 34-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon: (+993242) 4-09-10.

Read also
2022