ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy onlaýn auksion geçirer
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy onlaýn görnüşde auksion geçiriljekdigini habar berýär.
Geçiriljek möhleti: 2026-njy ýylyň 13-nji martyndan 19-njy martyna çenli
Geçiriljek ýeri: https://online-auction.state.gov
Satuwa çykarylýan emläkler:
- 1 sany 20 futluk ýük konteýneri
- 1 sany 40 futluk ýük konteýneri
- Buzy eretmek üçin ulanylýan senagat duzy
Üns beriň:
Auksiona gatnaşmak isleýänler görkezilen web sahypasy arkaly öz hasaplaryny (profilini) döretmeli hem-de sahypada ýerleşdirilen düzgünler bilen tanyşyp, olary berjaý etmelidirler. Ähli teklipler ABŞ-nyň dollarynda (USD) berilmelidir. Onlaýn auksion tamamlanandan soň ýeňiji bolan gatnaşyjylara telefon arkaly habar berler.
Ähli satuwlar gutarnykly hasaplanýar we ähli harytlar bar bolan ýagdaýynda satylýar.
ABŞ-nyň Ilçihanasy auksion arkaly satyn alnan harytlaryň eltilmegini üpjün etmeýär. Alyjylar ähli satyn alan emläklerini, şol sanda konteýnerleri hem öz hasabyna alyp gitmek üçin jogapkärdir. Satyn alnan konteýnerleri ýüklemek boýunça hiç hili kömek berilmez.








