Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi 12-nji iýunynda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Kaka etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär. Çäre Kaka etrabynyň Kaka şäheriniň Rowaçlyk köçesiniň 2-nji jaý salgysynda ýerleşýän edara binasynda geçirilýär. Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalary, guramalary, firmalary, kompaniýalary özlerinde eýelenmedik bar bolan boş iş orunlaryny hödürlemeklige hem-de işe girmek isleýän raýatlary geçiriljek çärä çagyrýar.

Işe girmek isleýän raýatlar ýany bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmeli.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (800133) 31-7-18

Read also
2022