TSTB Balkan welaýatynda birnäçe desgalary gurmak üçin hususy kärhanalary hyzmatdaşlyga çagyrýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, birleşmäniň agzalaryny Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Bereket hem­de Gyzylarbat etraplarynda şu aşakda görkezilen desgalary gurmak işlerine gatnaşmaga çagyrýar:

  1. Balkanabat şäheriniň ösen senagat zolagynda önümçilik desgalaryny gurmak
  2. Balkanabat şäherinde hususy gurluşyk kompaniýalarynyň önümçilik bazasyny gurmak
  3. Balkanabat şäherinde 1 gektar meýdanly azyk önümlerini saklamak üçin sowadyjy ammaryny gurmak
  4. Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde keramzit öndürýän kärhanany gurmak
  5. Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde sement öndürýän zawody gurmak
  6. Esenguly etrabynyň Ekerem şäherçesinde ýod öndürýän zawody gurmak
  7. Gyzylarbat etrabynyň Rowaç obasynyň çäginde 1 sany 300 orunlyk toý mekany gurmak
  8. Gyzylarbat etrabynyň Rowaç obasynyň çäginde 1 sany 50 m2 meýdanly azyk we senagat harytlary dükany gurmak
  9. Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesiniň çäginde 1 sany 300 orunlyk toý mekany gurmak
  10. Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesiniň çäginde 1 sany 1000 m2 meýdanly hyzmatlar öýüni gurmak
  11. Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesiniň çäginde 1 sany bazarly söwda merkezini gurmak
  12. Gyzylarbat etrabynda («Altyn asyr» Türkmen köli) 1 gatly azyk we senagat harytlarynyň dükany gurmak
  13. Gyzylarbat etrabynda («Altyn asyr» Türkmen köli) 1 sany balykçylyk hojalygy gurmak

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (222) 2-10-77

+993 (222) 2-20-77

Faks belgisi:

+993 (222) 2-09-77

Автор:
TSTB
Читайте также
ОТПРАВИТЬ НАМ НОВОСТИ
ОТПРАВИТЬ
2022