Vacancy

"Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy boş iş orunlaryny yglan edýär

Schedule:

Gyýanly obasynda işlemek üçin hünärmen (jemgyýetçilik gatnaşyklary we durmuş taýdan korporatiw jogapkärçilik boýunça)

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:

  • Bilimi: ynsanperwer ylymlar boýunça ýokary bilimi ýa-da sosiologiýa, taryh, pedagogika, psihologiýa boýunça deň derejeli ýokary bilimi bolmaly.
  • Iş tejribesi: sosial taslamalary meýilleşdirmek we durmuşa geçirmek, işewürligi ösdürmek we jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça 3 — 5 ýyla çenli degişli iş tejribesi bolmaly.
  • Dil ukyplary: türkmen, rus we iňlis dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
  • Endikleri we başarnyklary: “MS Office” (MS Word, MS Excel) programmalary bilen işlemegi başarmaly.

Aşgabat şäherinde işlemek üçin hünärmen (sanlylaşdyrma önümlerini dolandyrmak — işewürlik), wagtlaýyn esasda

Bildirilýän talaplar:

  • Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:
  • Bilimi: degişli ugur boýunça ýokary bilimi bolmaly.
  • Iş tejribesi: işewürlik-analitigi wezipesinde sanly önümleri dolandyrmak ýa-da önümleri goýbermek boýunça we müşderiler bilen işlemekde 5 ýyl iş tejribesi bolmaly.
  • Dil ukyplary: iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
  • Endikleri we başarnyklary: “Microsoft Power Point”, “Microsoft Power BI”, “Agile Project Management” programmalary bilen işlemegi başarmaly.

Aşgabat şäherinde işlemek üçin hünärmen (işewürlik maglumatlarynyň analitigi), wagtlaýyn esasda

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:

  • Bilimi: inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, hasaplaýjy tehnikalar, ykdysadyýet ýa-da maliýe boýunça ýokary bilimi bolmaly.
  • Iş tejribesi: “Microsoft Power BI” maglumat panellerini işläp düzmek, maglumatlary we maglumatlar binýadyny dolandyrmak, şeýle hem programma üpjünçiligini işläp düzmek boýunça işewürlik analitigi hökmünde 5 ýyl degişli iş tejribesi bolmaly.
  • Dil ukyplary: iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
  • Endikleri we başarnyklary: “Microsoft Power Point”, “Microsoft Power BI”, “Agile Project Management” programmalary bilen işlemegi başarmaly.

Gyýanly obasynda/Aşgabat şäherinde işlemek üçin bölüm kömekçisi (iş dolandyryjy), wagtlaýyn esasda

Bildirilýän talaplar:

  • Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:
  • Bilimi: orta bilim hakynda şahadatnama ýa-da deň derejeli bilim hakynda resminama bolmaly.
  • Iş tejribesi: 1 — 3 ýyla çenli degişli tejribesi bolmaly.
  • Dil ukyplary: iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
  • Endikleri we başarnyklary: “MS Office” (MS Word, MS Excel) programmalary bilen işlemegi başarmaly.

Salgynamalary https://shor­turl.at/epCP2 elektron salgysy boýunça ýa-da “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki edara jaýynda şu salgy boýunça alyp bilersiňiz: Aşgabat şäheri, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 2 hepdeden gijä galman, “PÇ(T)SB” kompaniýasyna dalaşgäriň adyny, familiýasyny we sowalnamany tabşyrylýan wezipäni görkezip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe bildirilýän talaplara laýyk gelýän ökde hünärli dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Contact
Employer:
"Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy
Mail:
recruitment.tm@petronas.com.my
2022