Iş orunlary
"Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy boş iş orunlaryny yglan edýär
Gyýanly obasynda işlemek üçin hünärmen (jemgyýetçilik gatnaşyklary we durmuş taýdan korporatiw jogapkärçilik boýunça)
Bildirilýän talaplar:
Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:
- Bilimi: ynsanperwer ylymlar boýunça ýokary bilimi ýa-da sosiologiýa, taryh, pedagogika, psihologiýa boýunça deň derejeli ýokary bilimi bolmaly.
- Iş tejribesi: sosial taslamalary meýilleşdirmek we durmuşa geçirmek, işewürligi ösdürmek we jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça 3 — 5 ýyla çenli degişli iş tejribesi bolmaly.
- Dil ukyplary: türkmen, rus we iňlis dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
- Endikleri we başarnyklary: “MS Office” (MS Word, MS Excel) programmalary bilen işlemegi başarmaly.
Aşgabat şäherinde işlemek üçin hünärmen (sanlylaşdyrma önümlerini dolandyrmak — işewürlik), wagtlaýyn esasda
Bildirilýän talaplar:
- Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:
- Bilimi: degişli ugur boýunça ýokary bilimi bolmaly.
- Iş tejribesi: işewürlik-analitigi wezipesinde sanly önümleri dolandyrmak ýa-da önümleri goýbermek boýunça we müşderiler bilen işlemekde 5 ýyl iş tejribesi bolmaly.
- Dil ukyplary: iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
- Endikleri we başarnyklary: “Microsoft Power Point”, “Microsoft Power BI”, “Agile Project Management” programmalary bilen işlemegi başarmaly.
Aşgabat şäherinde işlemek üçin hünärmen (işewürlik maglumatlarynyň analitigi), wagtlaýyn esasda
Bildirilýän talaplar:
Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:
- Bilimi: inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, hasaplaýjy tehnikalar, ykdysadyýet ýa-da maliýe boýunça ýokary bilimi bolmaly.
- Iş tejribesi: “Microsoft Power BI” maglumat panellerini işläp düzmek, maglumatlary we maglumatlar binýadyny dolandyrmak, şeýle hem programma üpjünçiligini işläp düzmek boýunça işewürlik analitigi hökmünde 5 ýyl degişli iş tejribesi bolmaly.
- Dil ukyplary: iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
- Endikleri we başarnyklary: “Microsoft Power Point”, “Microsoft Power BI”, “Agile Project Management” programmalary bilen işlemegi başarmaly.
Gyýanly obasynda/Aşgabat şäherinde işlemek üçin bölüm kömekçisi (iş dolandyryjy), wagtlaýyn esasda
Bildirilýän talaplar:
- Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:
- Bilimi: orta bilim hakynda şahadatnama ýa-da deň derejeli bilim hakynda resminama bolmaly.
- Iş tejribesi: 1 — 3 ýyla çenli degişli tejribesi bolmaly.
- Dil ukyplary: iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
- Endikleri we başarnyklary: “MS Office” (MS Word, MS Excel) programmalary bilen işlemegi başarmaly.
Salgynamalary https://shorturl.at/epCP2 elektron salgysy boýunça ýa-da “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki edara jaýynda şu salgy boýunça alyp bilersiňiz: Aşgabat şäheri, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý.
Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 2 hepdeden gijä galman, “PÇ(T)SB” kompaniýasyna dalaşgäriň adyny, familiýasyny we sowalnamany tabşyrylýan wezipäni görkezip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.
Diňe bildirilýän talaplara laýyk gelýän ökde hünärli dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.