Vacancy

“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy Lukman wezipesine hünärmenleri işe çagyrýar

Schedule:

“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy ökde hünärli we bildirilýän talaplara laýyk gelýän dalaşgärleri aşakda görkezilen iş ýerine çagyrýar:

Gyýanly obasynda işlemek üçin

Wezipesi: Lukman

Bildirilyän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:

  • Bilimi: Lukmançylyk bilimi hakynda diplomy we kliniki ordinaturada (möhleti 2 ýyl) taýýarlygy ýada hünär kämilleşdiriş okuwyny - internaturada (möhleti 1 ýyl) geçenligi barada Şahadatnamasy bolmaly.
  • Iş tejribesi: Rezýüme tabşyrylanda, dalaşgäriň kliniki ordinaturany we internaturany hasaba almazdan soňky 5 ýylyň dowamynda yzygiderli umumy reanimasiýa boýunça tejribesi bolmaly.
  • Dil ukyplary: iňlis, türkmen we rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
  • Endikleri we başarnyklary: degişli ugur boýunça hünär taýýarlygy bolmaly hem-de “MS Office” programmalary bilen işlemegi başarmaly.

Sowalnamalary “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän (“B” blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 2 hepdeden gijä galman ”PÇ(T)SB” kompaniýasyna dalaşgäriň doly adyny, familiýasyny görkezip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Contact
Employer:
“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy
Mail:
recruitment.tm@petronas.com.my
Region:
Balkan
2022