Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi 11-nji sentýabrda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli Sarahs etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär. Çäre Sarahs etrabynyň Sarahs şäheriniň S.A Nyýazow köçesiniň 41-nji jaý salgysynda ýerleşýän edara binasynda geçirilýär. Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalary, guramalary, firmalary, kompaniýalary özlerinde eýelenmedik bar bolan boş iş orunlaryny hödürlemeklige hem-de işe girmek isleýän raýatlary geçiriljek çärä çagyrýar.

Işe girmek isleýän raýatlar ýany bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmeli.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

(800134) 22-0-71

(800134) 21-2-60

Author:
Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi
Read also
2022