Türkmenistanyň hususy sektorynyň dolandyryş işgärleri hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça Germaniýa okuwa çagyrylýar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň dolandyryş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuw çäreleriniň 2023-nji ýyldaky tapgyrynyň çäklerinde «Ýaşyl» ykdysadyýet (green economy) we «Akylly» oba hojalygy (smart farming) we azyk senagaty» toparlaryna gatnaşjak, döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgärleri seçip almak üçin söhbetdeşlik yglan edýär

Söhbetdeşlige gatnaşmaga isleg bildirýänler şu ýylyň 28-nji iýulyna çenli zerur resminamalary ministrlige tabşyrmaly.

Türkmen hem-de nemes telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen taslamalary taýýarlan dalaşgärlere şu ýylyň dowamynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek okuwlara gatnaşmak we Germaniýa Federatiw Respublikasynda iki hepdelik tejribe geçmek mümkinçiligi döredilýär.

Söhbetdeşlikde «ýaşyl» ykdysadyýeti hem-de «akylly» oba hojalygyny we azyk senagatyny» ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn bähbitli taslamalara ähmiýet beriljekdir.

Dalaşgärler iňlis ýa-da rus dilleriniň haýsy hem bolsa birini ýeterlik derejede bilmelidirler.

Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar:

  • ýokary bilimli bolmaly;
  • telekeçi ýuridik şahslaryň, düzüm birliginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi bolmaly;
  • azyndan 2 (iki) ýyl iş tejribesi bolmaly.

Goşmaça maglumatlary we doldurylmaly zerur resminamalaryň sanawyny www.fineconomic.gov.tm saýtyndan alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 39-43-55

+993 12 39-45-72

Author:
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi
Read also
2022