Archabil Avenue 20, Ashgabat, Turkmenistan
SCRMET
Balkanabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler
2024-nji ýylyň 11-nji, 25-nji ýanwarynda Balkan welaýatynyň prokuraturasynyň, Balkan welaýat kazyýetiniň, Balkan welaýat adalat bölüminiň jogapkär işgärleriniň we Balkan welaýat adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmagynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär.
Jemgyýetçilik kabul edişligi Balkanabat şäheriniň Arlan 1 ýaşaýyş jaýlar toplumynyň Gurbansoltan eje şaýolunyň 4-nji jaýynda — Balkan welaýat adalat bölüminiň binasynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 8 (222) 7-65-02
Read also