Lebap welaýatynyň Türkmenabat we Darganata şäherlerinde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäreleri geçiriler

Welaýat zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi müdirligiň aşakdaky bölümlerinde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäreleriniň geçiriljekdigini habar berýär.

Boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi Türkmenabat şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde 2024-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda sagat 10:00-dan 12:00 aralygynda geçirilýär.

Çäräniň geçiriljek ýeri: Türkmenabat şäheriniň Magtymguly köçesiniň 2-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (800422) 3-17-28.

***

Boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi Darganata etrabynyň we Gazojak şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümlerinde 2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda sagat 10:00-dan 11:00 aralygynda geçirilýär.

Çäräniň geçiriljek ýeri: Darganata etrabynyň Darganata şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 44-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99344521514; +99344551152

Read also
2022