Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin we Köpetdag etraplarynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde, 2025-nji ýylyň 7-nji maýynda, S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerinde bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde, agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeleri, işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

Habarlaşmak üçin salgym we telefon belgilerimiz:

  1. Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi (Aşgabat şäher häkimliginiň hyzmatlar binasy) Tel: 39-34-56
  2. Bagtyýarlyk etraby (Aşgabat şäher häkimliginiň hyzmatlar binasy), Tel: 39-34-64
  3. Berkararlyk etraby (Aşgabat şäher häkimliginiň hyzmatlar binasy), Tel: 39-34-71
  4. Büzmeýin etraby (Oguzhan köçesiniň 8-nji jaýy), Tel: 35-12-69
  5. Köpetdag etraby (Aşgabat şäher häkimliginiň hyzmatlar binasy), Tel: 39-34-76
  6. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy: S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy, Tel: 22-74-07

Read also
2022