Saýat etrabyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresiniň geçirer

Saýat etrabyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Saýat etrabyň Saýat şäher geňeşliginde (Saýat şäheriniň S. Nyýazow köçesiniň 31-nji jaýy) 09:00-dan 11:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresiniň geçirilýändigini habar berýär.

Saýat etrabyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzal­an çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýär.

Salgysy: Saýat etrabyň Saýat şäheriniň Türkmenabat köçesiniň 39-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

993 (447) 2-35-11

993 (447) 2-13-11

Read also
2022