Aşgabatda “Biz dürli, emma deň” inklýuziw festiwaly geçiriler

15-nji noýabrda Aşgabat parkynyň çäginde “Biz dürli, emma deň” atly Inklýuziw Festiwal geçiriler.

Festiwal her bir adamyň özüni jemgyýetiň aýrylmaz bölegi hökmünde duýup biljek howpsuz we inklýuziw gurşawy döretmäge gönükdirilendir. Şeýle hem bu çäre Bütindünýä Maýyplar gününiň (3-nji dekabr) öňüsyrasynda geçirilýär we jemgyýetde elýeterlilik, deňlik hem-de höweslendiriş meselelerine üns çekýär.

Çäre Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hökümeti we ýerli jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guralýar.

Festiwalda sizi şular garaşýar:

  • Woleýbol, inklýuziw uly tennis, stol tennis, küşt, şaşka, gaýalara dyrmaşmak ýaly sport oýunlary
  • Çagalar üçin surat bäsleşigi, wiktorinalar, akwagim, maýyplygy bolan ussatlaryň sungat we senetçilik sergisi
  • Aýdym-saz we tans çykyşlary, fleşmob

Çäre 14:00-da başlanar. Ähli ýaşdaky adamlar üçin açyk!

Read also
2022