Türkmenistanda “Magtymguly sözlär tili türkmeniň” atly döredijilik bäsleşigi yglan edilýär

2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň we “Türkmen gündogary” gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda “Magtymguly sözlär tili türkmeniň” ady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.

Döredijilik bäsleşigi makalalar, hekaýalar, goşgular žanrlary boýunça geçirilip, oňa akyldar şahyrymyzyň nusgawy eserleriniň akyl-paýhas çuňlugyny, gadyr-gymmatyny, pelsepewi many-mazmuny we terbiýeçilik ähmiýetini açyp görkezýän we ýokary çeperçilik derejesinde wasp edýän eserler gatnaşdyrylar.

Döredijilik bäsleşigine eserler 2024-nji ýylyň 25-nji dekabryna çenli kabul ediler we olaryň gowulary welaýat “Türkmen gündogary” gazetinde çap ediler. Bäsleşigiň jemi Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda jemlenilip, onuň ýeňijilerine bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän işler aşakdaky salga ýa-da gazetiň elektron poçtasyna (turkmengundogary-gazeti@sanly.tm) ugradylmalydyr: Türkmenabat şäheriniň S.A.Nyýazow köçesiniň 42-nji jaýy, welaýat “Türkmen gündogary” gazetiniň redaksiýasy.

Author:
“Türkmen gündogary” gazetiniň redaksiýasy
Read also
2022