28.03.2025
08.05.2025
Türkmennebit Announces International Tender for Marine Oil Loading Pier Construction
SCRMET
Halaç etrabynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler
Halaç etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2024-nji ýylyň maý aýynyň 22-sinde Halaç etrabynyň medeniýet bölüminde sagat 10:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýet ini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeri: Halaç şäheriniň Azady köçesiniň 5-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 (441) 2-17-72
Read also