Aşgabat gazna biržasy “Gymmatly kagyzlar bazary we gymmatly kagyzlar bilen amallar” boýunça okuw kurslaryna diňleýjileri kabul edýär
Türkmenistanyň gazna bazary gymmatly kagyzlaryň goýberilişi, dolanyşygy we üzlüşmegi bilen baglanyşykly ykdysady gatnaşyklar toplumydyr. Türkmenistanyň gazna bazary emitent-kärhanalaryna paýnamalary we obligasiýalary goýbermek arkaly öz işjeňligini maliýeleşdirmek üçin serişdeleri çekmäge, maýadarlara bolsa serişdeleri maýa goýmak we girdeji gazanmak üçin mümkinçiliklerini berýär.
Gazna bazaryň kömegi bilen täze taslamalar maliýeleşdirilýär, bu bolsa kärhananyň ykdysady ösüşine goşant goşýar. Türkmenistanyň gazna bazary tarapyndan döredilen mümkinçiliklerden peýdalanmak üçin, oňa gatnaşyjylara bu ugurda belli bir bilim gerek bolup durýar.
Hormatly müşderiler! Aşgabat gazna biržasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ygtyýarnamasynyň esasynda, gazna bazary çygrysynda ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça gysga möhletli okuw kurslarynyň geçirilmegini dowam edýär.
Häzirki wagtda, Aşgabat gazna biržasynyň Okuw merkezinde, ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça "Gymmatly kagyzlar bazary we gymmatly kagyzlar bilen amallar" atly okuw kursyna diňleýjiler toparyny alyp barýar. Okuw kursyny 2025-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Aşgabat gazna biržasynyň ýerleşýän ýerinde başlamak meýilleşdirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 12 46-86-27
+993 12 46-85-82
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


