Ahal welaýatynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler

Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi 2025-nji ýylyň 19-njy fewralynda sagat 10:00-dan 12:00 aralykda Babadaýhan etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Çäre Babadaýhan etrabynyň Babadaýhan şäheriniň Gülzar köçesiniň 1-nji jaý salgysynda ýerleşýän edara binasynda geçirilýär. Babadaýhan etrabynyň çäginde ýerleşýän edara kärhanalary, guramalary,firmalary, kompaniýalary özlerinde eýelenmedik bar bolan boş iş orunlaryny hödürlemeklige çagyrýarys.

Işe girmek isleýän raýatlar geçiriljek çärä çagyrýarylýar. Olar ýany bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmeli.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

(800136) 3-07-40

Read also
2022