Türkmenabat şäherinde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler
Türkmenabat şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmenabat şäheriniň Magtymguly köçesiniň 2-nji jaýynda ýerleşýän Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň zalynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Türkmenabat şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini; işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
+993(442)-3-17-28
Türkmenabat şäheriniň Magtymguly köçesiniň 2-nji jaýy