Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler
Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi 2025-nji ýylyň 14-nji maýynda sagat 10:00-dan 13:00-a çenli Gökdepe etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär. Çäre Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 75-nji jaý salgysynda ýerleşýän edara binasynda geçirilýär.
Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalar, guramalar, firmalar, kompaniýalar özlerinde eýelenmedik boş iş orunlaryny hödürlemäge hem-de işe girmek isleýän raýatlary geçiriljek çärä çagyrýarys.
Işe girmek isleýän raýatlar ýany bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmeli.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 (132) 6-00-34
+993 (132) 6-00-48