ICT Start-up: Durnukly Ösüş Üçin Innowasiýa Tehnologiýalary” bäsleşigi – Zehinli Ýaşlar Üçin Täze Mümkinçilik!
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine wepaly, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent ýaş nesli kemala getirmek, ýaşlarda täze, döwrebap tehnologiýalaryna erk etmek endiklerini ösdürmek hem-de daşary ýurt tejribelerine gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak, Ýaşlaryň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary innowasiýa taslamalaryna höweslendirmek maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde gurnamagynda 18-19-njy apreli aralygynda Ýaşlaryň arasynda “ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly innowasiýa taslamalary boýunça bäsleşigi geçirilýär. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda bäsleşige 30 ýaşa çenli şol ugurda ukyp-başarnygy bolan, bilim we ylym edaralarynyň hödürnamasy esasynda hödürlenen okuwçylar we ýaşlar gatnaşyp bilýär.
Bäsleşik ýedi ugur boýunça:
- Emeli aň;
- Robototehnika we awtomatizasiýa;
- Akylly oba hojalyk tehnologiýalary;
- Akylly şäher;
- Bilim we elektron okuwy;
- Sanly lukmançylyk;
- Hyzmatlar ulgamy boýunça.
Gatnaşyjylar tarapyndan hödürlenýän her bir taslama maksatlaryna ýa-da görkezilen ugurlaryna baglylykda taslamanyň aşakda görkezilen görnüşleriniň haýsydyr birine degişli bolmalydyr: kiçi telekeçiligi döretmek bilen bagly taslamalar; satyn almaga degişli bolan taslamalar; uly göwrümli taslamalar; döredijilik taslamalary; sosial taslamalar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijileri Bilim ministrliginiň Diplomlary, Minnetdarlyk hatlary, Hormat hatlary bilen sylaglanar. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren ýaşlar görkezilen salgyda Google form üsti bilen onlaýn hasaba durup bilerler.
Hasaba durmak üçin salgy:
Bäsleşigiň geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw binasy
Bäsleşigiň geçýän wagty: 2025-nji ýylyň 18-19-njy aprel aralygynda - 09:00 – 18:00.
Habarlaşmak üçin: +993 522 5-75-02; +993 62 65 88 55.