06.02.2025
08.03.2025
Hazar Consortium Announces a Tender for the Procurement of Plunger-Lift Units
SCRMET
TSTB Balkan welaýatynda täze desgalary gurmak üçin telekeçileri hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet maksatnamalaryna we Kararlaryna laýyklykda, birleşmäniň agzalaryna Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Bereket, Gyzylarbat hem-de Esenguly etraplarynda aşakda görkezilen desgalary gurmagy hödürleýär:
- Desganyň ady: Ösen senagat zolagynda önümçilik desgalary, ýerleşýän ýeri: Balkanabat şäheri
- Desganyň ady: Hususy gurluşyk kompaniýalarynyň önümçilik bazasy, ýerleşýän ýeri: Balkanabat şäheri
- Desganyň ady: Azyk önümlerini saklamak üçin sowadyjy ammar, ýerleşýän ýeri: Balkanabat şäheri, möçberi: 1 gektar
- Desganyň ady: Maldarçylyk fermasyny gurmak hem-de suw tygşytlaýjy usullary ornaşdyryp, ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek, ýerleşýän ýeri: Bereket etraby, möçberi: 103 gektar
- Desganyň ady: Suw tygşytlaýjy usullary ornaşdyryp, miweli baglary ösdürip ýetişdirmek, ýerleşýän ýeri: Bereket etraby, möçberi: 60 gektar
- Desganyň ady: Keramzit öndürýän kärhana, ýerleşýän ýeri: Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesi, möçberi: 1 sany
- Desganyň ady: Sement zawody, ýerleşýän ýeri: Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesi, möçberi: 1 sany
- Desganyň ady: Ýod zawody, ýerleşýän ýeri: Esenguly etrabynyň Ekerem şäherçesi, möçberi: 1 sany
- Desganyň ady: Toý mekany, ýerleşýän ýeri: Gyzylarbat etrabynyň Rowaç obasy, möçberi: 300 orunlyk
- Desganyň ady: Azyk we senagat harytlary dükany, ýerleşýän ýeri: Gyzylarbat etrabynyň Rowaç obasy, möçberi: 50 m2
- Desganyň ady: Toý mekany, ýerleşýän ýeri: Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesi, möçberi: 300 orunlyk
- Desganyň ady: Hyzmatlar öýi, ýerleşýän ýeri: Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesi, möçberi: 1000m2
- Desganyň ady: Bazarly söwda merkezi, ýerleşýän ýeri: Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesi, möçberi: 1 sany
- Desganyň ady: Bir gatly azyk we senagat harytlary dükany, ýerleşýän ýeri: Gyzylarbat etraby, “Altyn asyr” Türkmen köli, möçberi: 1 sany
- Desganyň ady: Balykçylyk hojalygyny döretmek, ýerleşýän ýeri: Gyzylarbat etraby, “Altyn asyr” Türkmen köli, möçberi: 1 sany
Habarlaşmak üçin: TSTB-niň Balkan welaýat bölümi, telefon belgileri:
+993 (222) 2-10-77
+993 (222) 2-20-77
+993 (222) 2-30-77
Faks:
+993 (222) 2-09-77
Read also