14.03.2025
28.04.2025
Turkmengas Announces Tender for Purchase of Material and Technical Resources
SCRMET
Balkan welaýatynda raýatlaryň ýüztutmalaryny düýpli öwrenmek boýunça welaýat, şäher, etrap toparlarynyň kabul ediş günleriniň tertibi
Balkan welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we beýleki degişli edara-kärhanalaryň wekillerinden ybarat düzümde döredilen raýatlaryň ýüztutmalaryny düýpli öwrenmek boýunça welaýat, şäher, etrap toparlarynyň 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda raýatlary kabul edýän günleriniň TERTIBI:
- Balkan welaýat häkimligi - Geçirilýän ýeri: Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýolunyň 14-nji jaýy, Senesi we wagty: Her hepdäniň çarşenbe güni 10:00-dan 12:00-a çenli
- Balkanabat şäher häkimligi - Geçirilýän ýeri: Balkanabat şäheri, Magtymguly şaýolunyň 6-njy jaýy, Senesi we wagty: Her hepdäniň anna güni 15:00-dan 18:00-a çenli
- Türkmenbaşy şäher häkimligi - Geçirilýän ýeri: Türkmenbaşy şäheri, Türkmenistan köçesiniň 36-njy jaýy, Senesi we wagty: Her hepdäniň penşenbe güni 16:00-dan 18:00-a çenli
- Türkmenbaşy etrap häkimligi - Geçirilýän ýeri: Türkmenbaşy şäherçesi, Gülüstan köçesiniň 1-nji jaýy, Senesi we wagty: Her hepdäniň anna güni 10:00-dan 12:00-a çenli
- Bereket etrap häkimligi - Geçirilýän ýeri: Bereket şäheri, Gagarin köçesiniň 19-njy jaýy, Senesi we wagty: Her hepdäniň anna güni 10:00-dan 12:00-a çenli
- Gyzylarbat etrap häkimligi - Geçirilýän ýeri: Gyzylarbat şäheri, Türkmenbaşy köçesiniň 3-nji jaýy, Senesi we wagty: Her hepdäniň anna güni 09:00-dan 12:00-a çenli
- Magtymguly etrap häkimligi - Geçirilýän ýeri: Magtymguly şäheri, Durdyhan Ýanyk köçesiniň 6-njy jaýy, Senesi we wagty: Her hepdäniň anna güni 09:00-dan 12:00-a çenli
- Etrek etrap häkimligi - Geçirilýän ýeri: Etrek şäheri, Magtymguly köçesiniň 34-nji jaýy, Senesi we wagty: Her hepdäniň anna güni 10:00-dan 12:00-a çenli
- Esenguly etrap häkimligi – Geçirilýän ýeri: Esenguly şäheri, 1-nji kiçi şäherçäniň 49-njy köçesiniň 246-njy jaýy, Senesi we wagty: Her hepdäniň penşenbe güni 10:00-dan 12:00-a çenli
Read also