Ahal welaýatynyň häkimligi suw, lagym, elektrik we ýol gurluşygy boýunça potratçylary işe çagyrýar
Ahal welaýatynyň häkimligi welaýat boýunça 2025-nji ýylda gurulmaly suw, lagym we elektrik üpjünçiligi ulgamlaryny hem-de awtomobil ýollaryny (köçeleri), ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, şeýle hem hereket edýänleriniň durkuny täzelemek (abadançylaşdyrmak) we olary umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmäge isleg bildirýän, şol işlere döwlet ygtyýarnamasy bar bolan hem-de Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli gurluşyk kärhanalaryny potratçy hökmünde işe çagyrýar.
Ähli isleg bildirýän hukuk taraplar tekliplerini şu salgy boýunça ibermeli: Ak bugdaý etraby, Änew şäheriniň Ahal köçesiniň 21-nji jaýy (Ahal welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk müdirligi).
Telefon belgisi: (+993 137) 33-4-17
Faks belgisi: (+993 12) 59-43-27