Avenue 56, Ashgabat, Turkmenistan
SCRMET
Mary welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirligi elektrik we gurluşyk işleri boýunça kärhanalary hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwaryndaky “Aşgabat — Türkmenabat” ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak hakynda” 1033 belgili Kararyna laýyklykda, Mary welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirligi tarapyndan aşakdaky işler boýunça hyzmatdaşlar işe çagyrylýar:
- Mary welaýatynyň çäginde “Aşgabat — Türkmenabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň PK-3097+00 piketindäki tehniki hyzmat ediş nokadynyň elektrik üpjünçiligi (35 kW EGHU);
- Mary welaýatynyň çäginde “Aşgabat — Türkmenabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň PK-3109+50 piketindäki ulag ýollarynyň düwünleriniň kesişmesindäki trampedli kiçi töleg nokadynyň elektrik üpjünçiligi (35 kW EGHU);
- “Aşgabat — Türkmenabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň “Mary — Türkmenabat” böleginiň daşarky elektrik üpjünçiligi;
- “Aşgabat — Türkmenabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň “Mary — Türkmenabat” böleginiň Mary etrabynyň çäginden geçýän ýerlerinde tehniki suw üpjünçiligi desgasynyň gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek üçin 10 kW — 35 kW aralygyndaky elektrik geçirijilerini çekmäge ygtyýarlandyrylan edaralar, kärhanalar we hususy kärhanalar işe çagyrylýar.
Salgysy: Mary şäheri, Türkmenabat köçesi, 12-nji jaý.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 6-00-34, 6-77-13
Read also