Iş orunlary
“Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy howpsuzlyk tehnikasy boýunça hünärmeni işe çagyrýar
“Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy aşakdaky wezipe boýunça hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar:
Gyýanly şäherçesinde işlemek üçin hünärmen (howpsuzlyk tehnikasy boýunça).
Bildirilýän talaplar: ähli dalaşgärler özleri baradaky doly maglumatlary we degişli resminamalary bermelidirler:
- Bilimi: degişli ugur boýunça ýokary bilimli.
- Iş tejribesi: nebitgaz pudagynda howpsuzlyk tehnikasy boýunça hünärmen hökmünde azyndan 3 ýyl iş tejribesi bolmaly. Howpsuzlyk tehnikasy, zähmeti goramak, gorag howpsuzlygy we daşky gurşawyň goragy (HT, ZG, GH we DGG) boýunça dolandyryş, HT, ZG we DGGniň iş ýerinde ýerine ýetirilişi/gözegçilik; döwlet edaralary bilen işlemek we gowy gatnaşyklary ýola goýmak ugrunda tejribesi bolmaly.
- Dili: iňlis, türkmen we rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
- Endikleri we başarnyklary: “MS Office” programmalary (“MS Word”, “MS Excel”, “MS Power Point”) we sanly HT, ZG, we DGG platformalary. Hasabatlary, maglumatlary prezentasiýalary taýýarlamak başarnygy.
Resmi kagyzlary https://shorturl.at/epCP2 salgydan ýa-da “Petronas Çarigali (Türkmenistan)SdnBhd” kompaniýasyndan alyp bolar. Salgysy: Aşgabatşäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy (“B” blok).
Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 2hepdeden gijägalman, “PÇ(T)SB” kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.
Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.