Reklama üçin

Biznesiňizi ösdürmäge taýýarmy?

Siz önümleriňizi ýa-da hyzmatlaryňyzy ýerli, ýurt boýunça ýa-da halkara alyjylara ýetirmek isleýärsiňizmi?

Siziň önümleriňiz bäsdeşlige ukyplymy?

BT Türkmenistandaky we dünýäniň dürli künjegindäki okyjylara biznes maglumatlaryny türkmen, iňlis we rus dillerinde ýetirip, ýola düşen kompaniýalary, täze döredilen kompaniýalary, maýa goýujylary, telekeçileri, importçylary, eksportçylary we sarp edijileri dürli ugurdaky habarlar, maglumatlar we ideýalar boýunça işjeň aragatnaşyga birikdirýär. 

Biziň marketing hünärmenlerimiz mahabat sargyt ediji her bir hyzmatdaşymyz bilen ýakyndan işleşip, olaryň biznes talaplaryna görä mahabat toplumyny düzýärler. Ýerli alyjylar bolsun ýa halkara eksport edjijiler bolsun – tapawudy ýok, biz önümleriňizi we hyzmatlaryňyzy göz öňünde tutýan müşderileriňize netijeli görnüşde ýetirmäge ýardam bereris.

Häzirki wagtda BT aşakdaky mahabat görnüşlerini hödürleýär:

Bannerler: websaýtyň dürli ýerlerinde, makalalaryň daşynda ýerleşdirilýän mahabatlar.

Mahabatlandyrjy makalalar: Siz önümiňiz ýa-da hyzmatlaryňyz barada bize makala iberýärsiňiz, biz bolsa ony çap edýäris. Makalalar biziň redaksion talaplarymyza laýyk gelmelidir.

BT tarapyndan taýýarlanan mahabatlandyryjy makalalar: Biz siziň önümleriňiz ýa-da hyzmatlaryňyz barada makala taýýarlaýarys we degişli suratlary ýerleşdirýäris, şeýle-de siziň salgyňyzy berýäris.

Habarlaşmak üçin, info@business.com.tm email salgysyna öz kompaniýaňyz we mahabat maksatlaryňyz barada giňişleýin maglumat ýollap bilersiňiz.

2022