Düzgünler we şertler

Şu saýty ulanmaga başlamazdan öň, aşadakda görkezilen ulanyş düzgünlerini we şertlerini (“UDŞ”) okamagyňyzy haýyş edýäris. Şu saýty we ondaky hyzmatlary ulanmaga hem-de olara salgylanmaga dowam etmek bilen, siz şu UDŞ esasynda hereket etmäge ylalaşýarsyňyz. Şahsy maglumatlar boýunça düzgünlerimiz bilen bilelikde, bu UDŞ şu websaýt boýunça biziň siz bilen gatnaşygymyzy kesgitleýär. Şu düzgünleriň we şertleriň haýsydyr bir bölegi bilen ylalaşmaýan bolsaňyz, onda bu websaýty ulanmazlygyňyzy haýyş edýäris.

Şu UDŞ www.business.com.tm (BT) saýtyny we oňa degişli beýleki onlaýn we mobil websaýtlary, bloglary, interaktiw programmalary ulanmagyňyza degişli kanuny düzgünleri we şertleri emele getirýär. BT islendik wagt şu UDŞ boýunça üýtgeşmeleri we düzedişleri girizmek hukugyny özünde saklaýar. Şeýle üýteşmeler edil şol pursatdan başlap güýje girer. UDŞ düzedişleri çap edilenden soň, siziň şu websaýty ýa-da ondaky hyzmatlary ulanmagyňyz we olara salgylanmagyňyz siziň täze UDŞ-ni kabul edýändigiňizi aňladar. Şu UDŞ bilen gabat gelmeýän ýa-da olara goşmaça şertleriňiziň we düzgünleriňiziň güýji ýokdur.        

1. Ulanyjynyň UDŞ bilen ylalaşmagy

Siz şu UDŞ-ni okandygyňyzy we ony berjaý edýändigiňizi ykrar edýärsiňiz.

2. Intellektual eýeçilik

Şu “Biznes Türkmenistan” (“BT”) websaýty we ondaky ähli maglumatlar ýa-da oňa geljekde ýerleşdiriljek maglumatlar, şol sanda makalalar, analizler, fotosuratlar, wideolar, audiolar, grafikler, harytlar, dizaýnlar, maglumatlar, programmalar, aýdym-sazlar, maslahatlar, şeýle-de söwda markalary, hyzmat markalary, söwda atlary, awtorlyk hukuklary, logolar, domeýn atlary, kodlar, patentler we/ýa-da şu websaýta degişli bolan we BT-niň eýeçiligindäki intellektual eýeçiligiň islendik başga görnüşi (olaryň ählisi mundan beýläk “Hyzmatlar” diýlip atlandyrylýar) rugsatsyz ulanmakdan, göçürmekden we ýaýratmakdan Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň intellektual eýeçilik, söwda markasy we hyzmat markasy boýunça kanunlary, şeýle-de halkara jarnamalar tarapyndan goralýar. Hyzmatlary emele getirýän ähli makalalaryň we beýleki elementleriň hem awtorlyk hukuklary goralandyr. Siz awtorlyk hukukgy boýunça ähli düzgünlere we beýleki kanunlara, şeýle-de şu Hyzmatlara degişli bolan goşmaça düzgünlere we çäklendirmelere boýun bolmaga razylyk berýärsiňiz. Siz şu Hyzmatlaryň BT we onuň hyzmatdaşlary tarapyndan taýýarlanandygyny, düzülendigini, ýasalandygyny, gözden geçirilendigini we saýlanyp alnandygyny, bu işler ýerine ýetirilende ençeme wagt, zähmet we maliýe serişdesi sarp edilip, bu ugurda seljeriş boýunça usullaryň we ülňüleriň ulanylandygyny, şeýlelik bilen, olaryň BT-niň we şuňa meňzeş beýlekileriň gymmatly intellektual eýeçiligi bolup durýandygyny ykrar edýärsiňiz. Siz şu ylalaşygyň dowamynda we ylalaşykdan soň, BT-niň we Hyzmatlarda hak-hukugy bolan beýleki taraplaryň eýeçlilik hukuklaryny goramaga, şeýle-de Hyzmatlar babatda özüniň we beýlekileriň hukuklaryny goramak boýunça BT tarapyndan edilen esasly ýazmaça talaplary ýerine ýetirmäge razylyk berýärsiňiz.  

3. Ulanyş boýunça çäklendirmeler

Siz Hyzmatlary haýsydyr bir bikanun maksatlar üçin, haýsydyr bir kanuny ýa-da düzgüni bozmak üçin ýa-da UDŞ-niň düzgünlerine gabat gelmeýän haýsydyr bir niýet bilen ulanyp bilmersiňiz. Siz Hyzmatlary diňe özüňiziň täjirçilik maksady bolmadyk şahsy işleriňiz we peýdaňyz üçin ulanmaga, olary satmazlyga ýa-da başga ýere geçirmezlige we başga bir adamyň ýa-da edaranyň peýdasy üçin ulanmazlyga razylyk berýärsiňiz. Siz Hyzmatlara degişli islendik maglumaty BT-niň we onuň üpjün edijileriniň taslamalary bilen bäsleşmek üçin haýsydyr bir görnüşde ulanmajakdygyňyza razylyk berýärsiňiz.

BT tarapyndan ýazmaça görnüşde rugsat edilen halatlardan başga ýagdaýlarda, Hyzmatlaryň haýsydyr bir bölegini göçürmek, köpeltmek, täzeden düzmek, bölmek, täzeden toplamak, ýaýratmak, çap etmek, sergilemek, ýerine ýetirmek, düzetmek, olara material ýüklemek we olardan bölek material ýasamak, olary geçirmek, satmak, eýelemek, redaktirlemek ýa-da başga bir bet pygallar bilen ulanmak gadagandyr. Siz diňe materiallary kompýuteriňize indirip we/ýa-da öz şahsy, tajirçilik maksady bolmadyk işleriňiz üçin bir nusgada çap edip bilersiňiz. Şeýle-de ýagdaýda, materillarda olaryň awtorlyk hukugy barada bellik bolmalydyr. Öňünden rugsat almazdan, Hyzmatlardaky analizleri we beýleki materiallary täzeden ýaýratmaga we çap etmäge hakyňyz ýokdur.     

Siz Hyzmatlaryň howpsuzlyk düzgünlerini bozmajakdygyňyzy ýa-da parola döwmek ýaly usullary arkaly Hyzmatlara, maglumatlara, Hyzmatlara degişli islendik kompýuter we aragatnaşyk ulgamlaryna rugsatsyz görnüşde girmejekdigiňizi ykrar edýärsiňiz. 

4. Rugsatnama

UDŞ şertlerine laýyklykda ulanmakdan başga, sizde Hyzmatlar we ondaky materiallar boýunça hiç-hili hak-hukuk we rugsatnama ýokdur. Şoňa görä-de, bize awtorlyk hukugy üçin töleg soraljak ýa-da ýapyk saklanmagyna garaşylýan haýsydyr bir original döredijilik işini ibermezligiňizi soraýarys. Muňa garamazdan, siz bize şeýle material iberseňiz, onda biz ony ýa-da onuň bir bölegini, siziň öňüňizde bergili bolman, erkin ýagdaýda ulanyp bileris. BT özüne iberiljek islendik material, şeýle-de şol materiallaryň ulanylmagy we köpçülige ýetirilmegi boýunça hiç-hili ýagdaýda jogapkärçilik çekmez. BT-niň başgaça ýörite şerti bolmasa, onda siz BT saýtyna iberýän materiallaryňyzyň islendik serişdede ulanylmagyna, çap edilmegine, köpeldilmegine, görkezilmegine, täzeden işlenmegine, elektron görnüşe geçirilmegine, olardan başga bir material ýasalmagyna, ýaýradylmagyna, başga maksatlar bilen, şol sanda BT-niň kommersiýa, mahabat, PR işleri üçin ulanylmagyna umumy, yzyna gaýtaryp bolmaýan, bergisiz, başga bir tarapa geçirip bolýan bütindünýä hukugyny we rugsadyny berýärisiňiz. Munuň üçin size ýa-da başga bir adama ýa edara goşmaça maglumat, salgylanma we hak-hukuk berilmez.        

5. Bahalar we tölegler

BT özündäki Hyzmatlaryň belli bir bölegi ýa-da ählisi üçin islendik wagt töleg soramak hukugyny özünde saklaýar. Muňa BT-niň abonentlik hyzmatlary hem degişlidir.

Eger-de BT islendik bir wagt özündäki Hyzmatlaryň belli bir bölegi ýa-da ählisi üçin töleg sorasa, sizden hasap açmak soralar. Hasap açmak üçin soraljak maglumatlar meýletindir we öz islegiňize baglydyr. Emma bu maglumatlary bermekden ýüz öwürseňiz, onda saýtdaky belli bir materiallara ýa-da bölümlere girip bilmersiňiz.  

Abonentlik düzgünleri baradaky goşmaça maglumatlary Abonentlik düzgünleri sahypasyndan okap bilersiňiz.

6. Registrasiýa we hasap açmak

Hyzmatlaryň belli bir bölegini, şol sanda tölegli ugurlaryny almak üçin gerek bolan registrasiýa we hasap açyş prosesiniň bir tapgyry hökmünde, siz BT saýtyna belli bir registrasiýa maglumatlaryny bermeli bolarsyňyz. Bu maglumatlaryň ählisi dogry, hakyky we soňky ýagdaýda bolmalydyr. Eger-de BT siziň registrasiýa maglumatlaryňyzyň dogrulygyny kesgitläp bilmese, onda siziň hasabyňyzy açmazlyk hukugyny özünde saklaýar. Parolaňyzyň gizlinligini saklamak dolulygyna siziň jogapkärçiligiňizdedir. Eger-de siz hasabyňyzyň rugsatsyz ýagdaýda ulanylýandygyndan ýa-da onuň howpsuzlygynyň bozulandygyndan, şol sanda parolaňyzyň ýa töleg karty maglumatlaryňyzyň ogurlanandygyndan ýa-da paş edilendiginden şübhe etseňiz, onda siz gyssagly ýagdaýda BT-ni habarly etmelisiňiz. Siz hasabyňyzdaky ähli hereketlere, şol sanda siziň rugsadyňyz bilen parolaňyzy we maglumatlaryňyzy ulanyp, hasabyňyza girýän üçünji taraplaryň hereketlerine doly jogap berýärsiňiz. Siz şu saýta agzalygyňyzy ýa-da haýsydyr bir agzalyk hukuklaryňyzy satmajakdygyňyza, başga birine geçirmejekdigiňize we başga biri bilen paýlaşmajakdygyňyza güwa geçýärsiňiz. Hasabyňyzyň 18 ýaşdan kiçiler tarapyndan ulanylmagy düýbünden gadagandyr. BT öz ygtyýary bilen siziň hasabyňyzy size habar bermezden togtatmak hukugyna eýedir. Siz hem islendik wagt hasabyňyzy ýatyryp bilersiňiz. Hasabyňyz togtadylandan soň, hasabyňyzy ýapmak boýunça talabyňyzyň kabul edilendigi we onuň 5 iş gününiň dowamynda ýapyljakdygy barada e-mail arkaly hat alarsyňyz. Hasabyňyzyň togtadylan wagtyna çenli üýşen ähli töleglere siziň özüňiz jogap berýärsiňiz.           

7. Jogapkärçiligiň çäklendirilmegi

Siz Hyzmatlary öz töwekgelçiligiňiz bilen ulanýarsyňyz, şeýle-de Hyzmatlaryň we onuň düzümindäki ähli ugurlaryň, şol sanda ýazgylaryň, hyzmatlaryň, harytlaryň ýa-da mahabatlaryň “bolşy ýaly” we “görnüşi ýaly” berilýändigini ykrar edýärsiňiz. BT şu websaýtyň hemişe durman işlejekdigine ýa-da ondaky funksiýalaryň hiç-haçan kesilmejekdigine, tehniki näsazlyklaryň dessine düzediljekdigine ýa-da ondaky materiallaryň kimdir biriniň intellektual eýeçiligine degişlidigine ýa-da däldigine güwä geçip bilmeýär. BT şu webaýtyň ýa-da ondaky Hyzmatlaryň ulanylmagy netijesinde aljak kararyňyzyň dogrulygyna we ygtybarlylygyna kepil geçmeýär.

Siz şu saýtdaky Hyzmatlary ulanmagyňyz netijesinde ýüze çykjak islendik ýitginiň, peýdadan zyýanyň, zeperiň BT-niň direktorlarynyň, redaktorlarynyň, işgärleriniň we wekilleriniň boýnuna däldigi bilen ylalaşýarsyňyz. Şu saýtda ugrukdyrylýan beýleki websaýtlardaky materiallar, hyzmatlar, harytlar ýa-da mahabatlar (“Üçünji tarap saýtlar”) BT-niň eýeçiliginde ýa gözegçiliginde däldir. Üçünji tarap saýtlara ugrukdyrylmagy ýa-da salgy berilmegi şol saýtlardaky ýa şol saýtlaryň salgylanýan saýtlaryndaky maglumatlary, harytlary ýa-da hyzmatlary goldaýandygymyzy aňlatmaýar. BT şu saýtdaky Hyzmatlarda salgy berilýän ýa-da mahabatlandyrylýan beýleki websaýtlaryň, hyzmatlaryň we kompaniýalaryň işleýşine, maglumatlaryna ýa-da dogrulygyna jogap bermeýär. Eger-de şu websaýtdan çykyp, Üçünji tarap saýtlara girmek isleseňiz, onda siz muny öz töwekgelçiligiňiz bilen edýärsiňiz we şol ýerde biziň düzgünlerimiz we şertlerimiz öz güýjüni ýitirýär. 

Siz Hyzmatlaryň diňe maglumat maksady bilen berilýändigini we olaryň söwda maksatly däldigini ykrar edýärsiňiz. Hyzmatlarda dünýäniň dürli künjegindäki söwda biržalaryndan, habar beriş serişdelerinden we beýleki çeşmelerden alnan maglumatlar hem bolup biler. BT şu saýtda berilýän Hyzmatlaryň ýa-da magumatlaryň, faktlaryň, pikir-garaýyşlaryň, çaklamalaryň beýanatlaryň we maslahatlaryň yzygiderliligine, dogrulygyna, dolulygyna we ýerlikliligine kepil geçmeýär.   

8. UDŞ bilen ylalaşmaga bolan ygtyýaryňyz

Siz şu ylalaşygy baglaşmaga doly ygtyýaryňyzyň we hakyňyzyň bardygyna we özüňiziň 18 ýaşdan kiçi däldigiňize kepil geçýärsiňiz.

9. Togtadyş

Siz haýsydyr bir sebäp bilen ýa-da hiç-hili sebäp bolmazdan Hyzmatlarymyzy ulanmagy bes etmek we ondan alnan materiallary ýok etmek bilen, islendik wagt UDŞ-ni togtadyp bilersiňiz. Siz BT-niň belli bir sebäbe görä ýa-da hiç-hili sebäp ýok ýerden, öňünden ýa-da soňundan habar bermezden, islendik wagt UDŞ-ni togtatmaga we siziň şu websaýta girişiňizi duruzmaga hak-hukugynyň bardygy we bu iş edilende onuň dessine güýje girýändigi bilen ylalaşýarsyňyz. Eger-de siz UDŞ düzgünlerini ýerine ýetirmeseňiz, onda UDŞ edil şol pursatdan başlap güýjüni ýitirýär. BT saýtdaky Hyzmatlaryň ýatyrylmagy ýa-da duruzylmagy we onuň getirýän netijeleri boýunça siziň ýa-da başga bir üçünji tarapyň öňünde jogapkärçilik çekmeýär. 

10. Daşary ýurt raýatlary we hukuk meseleleri

BT websaýty Türkmenistanda işledilýär. BT özündäki Hyzmatlaryň, şol sanda intellektual eýeçilikleriň, söwda markalarynyň, patentleriň we ygtyýarnamalaryň Türkmenistanyň daşyndaky başga bir ýerde ulanylmagynyň dogrulygyna kepil geçmeýär. Eger-de siz şu websaýta Türkmenistanyň daşyndan girseňiz, onda siz muny öz başlangyjyňyz we töwekgelçiligiňiz bilen edýärsiňiz hem-de şol ýurduň ýerli kanunlaryny berjaý etmegiňiz doly siziň boýnuňyzadyr.

Şu websaýt Aşgabat şäherinde dolandyrylýar. BT şu websaýtdaky maglumatlaryň başga ýurtlarda ulanylmagynyň şol ýurtlaryň ýerli kanunlaryna laýykdygyna kepil geçmeýär.

11. Kanunlaryň güýji

Şu UDŞ Türkmenistanyň kanunaryna laýyklykda ýörediler. Siz şu saýtdaky Hyzmatlar ýa-da UDŞ düzgünleri bilen bagly ýüze çykyp biljek haýsydyr bir arza-şikaýatyňyzy Türkmenistanyň kanunlaryna we hukuk namalaryna görä alyp barjakdygyňyzy bildirýärsiňiz. 

12. Doly ylalaşyk

Şu UDŞ we şu websaýtdaky beýleki düzgünler we şertler siz bilen BT-niň arasyndaky gutarnykly ylalaşygy emele getirýär hem-de siziň şu websaýtdaky Hyzmatlary ulanmagyňyz boýunça düzgünleri kesgitleýär. Şu UDŞ agzalýan meseleler bilen bagly taraplaryň arasynda mundan öň dilden ýa-da ýazmaça baglaşylan ähli şertnamalardan ýokardadyr. BT-niň ygtyýary bolmazdan, şu UDŞ düzgünlerine we şertlerine üýtgeşme girizilip bilinmez.  

2022