Balkan welaýatynyň Bereket, Gyzylarbat we Türkmenbaşy etraplarynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Türkmenbaşy etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda etrabyň bilim bölüminiň edara binasynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli ilata boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Türkmenbaşy etrabynyň Türkmenbaşy şäherçesiniň Magtymguly köçesiniň 11-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin tel.: (+993243) 7-99-36.

Bereket etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli ilata boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Bereket etrabynyň Bereket şäheriniň Şasoltan Garajaýewa köçesiniň 16-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin tel.: (+993248) 3-13-82.

Gyzylarbat etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli ilata boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Gyzylarbat etrabynyň Gyzylarbat şäheriniň E.Kulyýewa köçesiniň 8-nji «b» jaýy.

Habarlaşmak üçin tel.: (+993246) 5-37-72, 5-44-30.

Türkmenbaşy, Bereket we Gyzylarbat etraplaryň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini, işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaga çagyrýar.

Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022