ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy onlaýn auksion geçirer

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanasy onlaýn görnüşde auksion geçirmegi meýilleşdirýär.

Geçiriljek möhleti: 2026-njy ýylyň 27-nji fewralyndan 6-njy martyna çenli

Geçiriljek ýeri: https://online-auction.state.gov

Satuwa çykarylýan emläkler:

  • 1 sany 20 futluk konteýner
  • 1 sany 40 futluk konteýner
  • Ýollarda ulanylýan senagat duzy

Üns beriň:

Auksiona gatnaşmak isleýän şahslar degişli web sahypasynda öz hasaplaryny (profilini) döredip, auksionyň düzgünleri bilen tanyşmaly we olary doly berjaý etmelidirler. Ähli satuwlar gutarnykly hasaplanýar we harytlar auksionda görkezilen ýagdaýynda (“bar bolan ýagdaýynda”) satylýar.

ABŞ-nyň Ilçihanasy auksion arkaly satyn alnan harytlaryň eltilmegini üpjün etmeýär. Alyjylar ähli satyn alnan emläkleri, şol sanda ýük konteýnerlerini hem öz hasabyna alyp gitmek üçin jogapkärdir. Satyn alnan konteýnerleri ýüklemek boýunça hiç hili kömegiň berilmeýändigi hem habar berilýär.

Bulary hem okaň
2022