ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy onlaýn auksion geçirer
Geçiriljek möhleti: 2026-njy ýylyň 27-nji apreli – 4-nji maýy
Geçiriljek ýeri: https://online-auction.state.gov
Satuwa çykarylýan emläkler:
- Ofis mebelleri
- Enjamlar we üpjünçilik serişdeleri
- Öý hojalyk harytlary
- Ýük konteýnerleri
Üns beriň:
Auksiona gatnaşmak isleýänler görkezilen web sahypasy arkaly öz hasaplaryny (profilini) döretmeli hem-de sahypada ýerleşdirilen düzgünler bilen tanyşyp, olary berjaý etmelidirler. Ähli teklipler ABŞ-nyň dollarynda (USD) berilmelidir. Onlaýn auksion tamamlanandan soň, ýeňiji bolan gatnaşyjylara telefon arkaly habar berler.
Ähli satuwlar gutarnykly hasaplanýar we ähli harytlar bar bolan ýagdaýynda satylýar. ABŞ-nyň Ilçihanasy auksion arkaly satyn alnan harytlaryň eltilmegini üpjün etmeýär. Alyjylar ähli satyn alan emläklerini, şol sanda ýük konteýnerlerini hem öz hasabyna alyp gitmek üçin jogapkärdir. Satyn alnan konteýnerleri ýüklemek boýunça hiç hili kömek berilmez.








