“Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkiýede uçarman hünäri boýunça okuwlara kabul edişlik yglan edýär

“Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap-seçmek arkaly Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetine uçarman hünäri boýunça 4 ýyllyk okuwlara kabul edişlik yglan edýär.

Okuwa Türkmenistanyň raýaty bolan, saglyk ýagdaýy “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkeziniň uçarmanlara bildirilýän ICAO talaplaryna laýyk gelýän, umumy orta bilimden pes bolmadyk bilimli, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuw “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň bellenen ýolbaşçylary tarapyndan geçirilýän başlangyç söhbetdeşlikden, Türkiýe Respublikasynyň uniwersitetiniň wekilleriniň söhbetdeşliginden we synagyndan, şeýle-de Ankara şäherindäki lukmançylyk toparlarynyň barlaglaryndan soň başlanýar.

Dalaşgär “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkezinde barlagdan geçmek üçin ýollanandan soň, 15 günüň dowamynda bellenilen nusgadaky saglyk ýagdaýy baradaky kepilnamany getirmäge borçlanýar.

Okuwyň möhleti 4 ýyl.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde şu ýylyň 30-njy iýunyna çenli kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa)
  • şahsy pasporty (asyl we göçürme nusgasy)
  • harby şahadatnamasy (asyl we göçürme nusgasy)
  • umumy orta ýa-da orta hünär bilim baradaky resminama (asyl we göçürme nusgasy)
  • narkologik we psihonewrologik dispanserlerden güwähat
  • “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden ýa-da harby bölümden) häsiýetnama
  • 3x4 sm ölçegde 8 sany fotosurat
  • zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi (bar bolan ýagdaýynda)

Nädogry maglumatlar ýa-da galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary iňlis dili (iňlis dilinde gepleşmek, ýazmak we okamak), matematika we fizika derslerinden geçirilýär. Bu dersler boýunça goşmaça okuwlaryň şahadatnamalary makullanýar. Beýleki daşary ýurt dil bilimi hem makullanýar.

Giriş synaglary şu ýylyň 1–15-nji iýuly aralygynda Aşgabat şäherinde “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçirilýär.

Bellik: Ähli synaglardan üstünlikli geçen dalaşgärler bilen daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerinde okamak boýunça üçtaraplaýyn şertnama (awiakompaniýa, talyp we zamunçy arasynda) baglaşylýar. Şertnama laýyklykda talyp okuwy üstünlikli tamamlandan soň awiakompaniýada 10 ýyl işläp bermäge borçlanýar.

Okuw (nazaryýet we uçuş-türgenleşik), umumy ýaşaýyş jaýy üçin tölegler, okuw ýylynyň başynda Ankara şäherine gitmek we okuwy tamamlandan soň Aşgabat şäherine gaýdyp gelmek boýunça ýol çykdajylary awiakompaniýa tarapyndan üpjün edilýär. Wizany resmileşdirmek, saglyk ätiýaçlandyryş tölegleri, gündelik iýmit, kommunikasiýa çykdajylary we okuw döwründäki beýleki ýol harajatlary dalaşgäriň öz hasabynadyr.

Resminamalar şu salgyda kabul edilýär: Aşgabat şäheri, A. Annaýew köçesi “Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti

Telefon belgileri: 23-47-88, (+99365) 72-58-43

Awtor:
“Türkmenistan” awiakompaniýasy
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022