19.08.2019
01.10.2019

“Türkmenstandartlary” barlaghana enjamlaryny satyn almak boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň garamagyndaky edaralarda daşary ýurtlardan getirilýän ýeňil we ýük awtoulaglarynyň, oba hojalyk we gurluşyk tehnikalarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny, synag edýän barlaghana enjamlar toplumlaryny we stendleri almak boýunça öň yglan edilen Bäsleşigiň möhletini uzaldýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermeli we bäsleşige degişli resminamalary almaly. Bäsleşik boýunça teklipler iki sany bukjada berilmeli. Birinji bukjada doly tehniki häsiýetler, ikinji bukjada teklip edilýän bahalar görkezilmeli. Daşary ýurtlardan getirilýän ýeňil we ýük awtoulaglaryň, oba hojalyk we gurluşyk tehnikalaryň ätiýaçlyk şaýlaryny, synag edýän barlaghana enjamlar toplumlaryny we stendleri satyn almak boýunça işleriň we şol işleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan hyzmatlaryň maliýeleşdirilmegini milli manatda göz öňünde tutmaly.

Bäsleşik boýunça teklipler 2019-njy ýylyň 20-nji awgustyndan, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 39-25-27, faks: (+99312) 39-25-50.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Oguzhan köçesi, 201
Bulary hem okaň
2022