13.09.2019
15.10.2019

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tender yglan edýär

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti garamagyndaky teleradio edaralaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça Halkara bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde teleradio enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar. Ähli gatnaşmak isleýänlere teklip edilýär:

  • bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça arza berilmeli;
  • bäsleşigiň düzgünleri bilen tanyşmaly;
  • tehniki tabşyrygy almaly;
  • getiriljek enjamlaryň hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen täjirçilik teklibi düzüp tabşyrmaly.

Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir.

Bäsleşik teklipli bukjalar 2019-njy ýylyň 15-nji oktýabryna, sagat 18:00-a çenli “Türkmenistan teleradioýaýlymlar” merkezinde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-20-30, 44-22-00, faks: 92-52-42.

Türkmenistan, Aşgabat
Bulary hem okaň
2022