18.11.2019
25.11.2019

Daşoguz welaýat häkimligi potratçylary saýlap almak boýunça tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň şäherlerinde we etraplarynda 83 392 km elektrik geçiriji, 34 125 km suw geçiriji we 36 400 km lagym geçiriji ulgamlaryň gurluşyk-gurnama işleri üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanyň resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalary çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşykabatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2019-njy ýylyň 25-nji noýabryna, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 9-03-03, 9-03-14, faks: 9-30-85.

Türkmenistan, Daşoguz welaýaty
Bulary hem okaň
2022