Türkmenistan, Aşgabat ş.
TDHÇMB
27.11.2019
31.01.2020
“Rysgal” bank daşky audit barlagyny geçirmek boýunça tender yglan edýär
“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky halkara audit kompaniýalaryny 2020-nji ýyl üçin daşky audit barlagyny geçirmek boýunça tendere gatnaşmaga çagyrýar.
Audit kompaniýalaryndan esasy talaplar:
1. Audit netijelerini bermek möhleti 2021-nji ýylyň fewral aýynyň ahyryna çenli.
2. Tendere gatnaşmak üçin audit kompaniýalary aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:
- kompaniýanyň ýolbaşçysynyň goly we möhüri bilen tassyklanan täjirçilik teklibi;
- üýtgeşmeleri we goşundylary hasaba almak bilen audit kompaniýanyň esaslandyryjy resminamasynyň, şahadatnamasynyň, ygtyýarnamasynyň nusgasy, rezýume.
3. Tendere gatnaşmak üçin resminamalar 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli kabul edilýär.
4. Audit barlagyny geçirmek boýunça nyrh gutarnykly bolup, öz içine kanun boýunça göz öňünde tutulan ähli salgytlary, ýygymlary we beýleki çykdajylary almaly.
Täjirçilik teklipleri 2020-nji ýylyň 10-njy fewralynda ýerli wagt bilen sagat 10.00 çenli seljerilýär.
Elektron salgysy: rysgal@rysgalbank.tm;
Türkmenistan, Aşgabat ş., 1946 köçesi (Ankara) 23
Bulary hem okaň