21.01.2020
25.01.2020

Daşoguz welaýat häkimligi howa elektrik geçirijilerini gurnamak boýunça tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna" laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde, Akdepe etrabynyň Mollanepes geňeşliginiň Watan obasynda we Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Altyn toprak geňeşliginiň Garaşsyzlyk obasynda howa elektrik geçirijileriniň gurluşyk-gurnama işlerine potratçylary seçip-saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edarakärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşigiň teklipleri 2020-nji ýylyň 25-nji ýanwaryna, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 9-03-02, 9-03-14, faks: 9-30-85.

Türkmenistan, Daşoguz welaýaty
Bulary hem okaň