28.11.2020
09.01.2021

“Türkmenhimiýa” suwuk hlor satyn almak boýunça tender yglan edýär

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender esasynda üpjün edijileri kesgitleýän toparyň adyndan aşakdaky loty satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär:

Lot № 5 – Suwuk hlor ГОСТ 6718-93.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmenhimiýa” DK ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • "Türkmenhimiýa DK-ni material-tehniki serişdeler bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça halkara tenderleriniň geçiriliş düzgünleri" bilen tanyş bolmaly;
  • Lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
  • her bir lot üçin 200 (iki ýüz) amerikan dollary möçberde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) töleg töläp, tender resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Tender teklipleri her gün ýerli wagt bilen 9.00-17.00 aralygynda kabul edilýär.

Tender gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 10.00 çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-01-71, 39-01-83, 39-01-82; 39-01-14.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň