Türkmenistan, Aşgabat ş.
TDHÇMB
11.12.2020
21.12.2020
“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy senagat howpsuzlyk barlagyny geçirmek boýunça tender yglan edýär
Şertnamanyň goşmaça Ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy milli manatda we ABŞ-nyň dollarynda üpjün etmek boýunça tender yglan edýär:
Lot №1 – Skwažinalary bejermek üçin göterijilik ukyby 50 tonna bolan ýük awtoulag kranynyň we göteriji agregatlaryň senagat howpsuzlyk barlagyny geçirmek.
Lot №2 – Ýangyn söndüriji enjamlara tehniki hyzmat bermek.
Tendere gatnaşmak üçin “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
- tehniki tabşyryklary almaly.
Tendere gatnaşmak boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama günüň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 222 64366.
Elektron salgysy: filial_turkmen@mail.ru;
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylowa köçesi, 59
Bulary hem okaň