16.12.2020
30.12.2020

"PETRONAS Çarigali Turkmenistan" serwis hyzmatlaryny bermek boýunça tender yglan edýär

"PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy aşakdaky tenderlere gatnaşmaga çagyrýar:

1. № PCT/TSS/2020/008 – Önümçilik guýulary üçin karotaž kabeline we geofiziki gözegçilik meýdanlarynda hyzmatlary bermek.

Elektron salgysy: tendersecretarytkm23@petronas.com.my;

2 № PCTSB/SA/1120/187 – “Gyýanly light” çig nebiti düşürmek amallaryny ýerine ýetirmek üçin 3-nji tarap gözleg hyzmatlaryny bermek.

Elektron salgysy: tender_secretarytkm6@petronas.com.my;

Tendere gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky resminamalary taýýarlamaly:

  • tendere gatnaşmak üçin arza(tenderiň nomerini we adyny hökman görkezmeli);
  • arza bermek hukugy üçin ygtyýarlandyrylan wekiliň ynanç haty;
  • Türkmenistanda ýazga alnan kompaniýalar üçin kompaniýanyň bellige alyş resminamasynyň nusgalary (eger olar bar bolsa);
  • degişli iş tejribesiniň sanawy.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 senenama günüň dowamynda iş wagtlarynda görkezilen salgy boýunça kabul edilýär.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81
Bulary hem okaň
2022