24.12.2020
13.01.2021

“KAMAZ FTC Corp.LLP” Türkmenistandaky şahamçasy serwis merkezlerini gurmak boýunça tender yglan edýär

“KAMAZ FTC Corp.LLP” Türkmenistandaky şahamçasy welaýatlarda (Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat, Mary) serwis merkezlerini gurmak boýunça tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin “KAMAZ FTC Corp.LLP” Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler şahamçanyň müdiriniň adyna doly ady, hukuk ýagdaýy hakynda maglumatlary görkezip, ygtyýarlandyrylan şahs tarapyndan gol çekilen we möhürlenen ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • tehniki tabşyryklary almaly.

Tendere gatnaşmak boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 20 (ýigrimi) senenama günüň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Söwda tekliplerini iki bukjada tabşyrmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 12 75 22 04/05.

Türkmenistan, Aşgabat ş., B.Türkmenistan şaýoly 602
Bulary hem okaň
2022