19.01.2021
30.01.2021

Mary welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirligi gurluşyk işleri boýunça tender yglan edýär

Mary welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirligi Mary şäheriniň Bitaraplyk köçesiniň ugrunda 500 orunlyk orta mekdebiň, Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginiň Akýap obasynda 320 orunlyk çagalar bagynyň gurluşyklaryny ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlerden aşakdaky maglumatlar talap edilýär:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
  • soňky 3 ýylyň içinde Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşige teklipler 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 30-na çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 6-00-34, 6-77-13.

Türkmenistan, Mary welaýaty, Mary ş., Türkmenabat köçesi 12
Bulary hem okaň