19.04.2021
18.05.2021

“Türkmenhimiýa” ýod we brom önümçilik zawodlaryny gurmak boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender esasynda kesgitleýän toparyň adyndan Balkan welaýatyndaky “Balkanabat” ýod zawodynyň çig mal bazalarynyň durkuny täzelenmek we ýod, brom önümçilik zawodlarynyň taslamasyny düzmek we düýpli gurluşygy boýunça halkara tenderiň möhletini uzaldýar.

1. “Balkanabat” ýod zawodynyň Çeleken känindäki çyg mal bazasynyň durkuny täzelemek bilen ýylda 300 tonna önümçilik kuwwaty bolan (100 % ýod önümçiligini göz öňünde tutmak bilen) ýod we ýod önümlerini öndürýan zawodyň, ýylda 4500 tonna önümçilik kuwwaty bolan (100 % brom önümçiligini göz öňünde tutmak bilen) brom we brom önümlerini öndürýan zawodyň taslamasyny düzmek we düýpli gurluşygyny ýerine ýetirmek.

2. “Balkanabat” ýod zawodynyň Boýadag känindäki çyg mal bazasynyň durkuny täzelemek bilen ýylda 240 tonna önümçilik kuwwaty bolan ýod, 2400 tonna önümçilik kuwwaty bolan (100 % brom önümçiligini göz öňünde tutmak bilen) brom we brom önümlerini öndürýan zawodyň taslamasyny düzmek we düýpli gurluşygyny ýerine ýetirmek.

3. “Balkanabat” ýod zawodynyň Nebitdag-Monjukly känindäki çyg mal bazasynyň durkuny täzelemek bilen ýylda 200 tonna önümçilik kuwwaty bolan ýod, 2000 tonna önümçilik kuwwaty bolan (100 % brom önümçiligini göz öňünde tutmak bilen) brom we brom önümlerini öndürýan zawodyň taslamasyny düzmek we düýpli gurluşygyny ýerine ýetirmek.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmenhimiýa” DK ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • her bir resminamalar toplumy üçin GBS-i hasaba almak bilen 1150 (bir müň bir ýüz elli) amerikan dollary möçberde ýa-da şu barabarlykda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hümmeti boýunça manat görnüşinde (Türkmenistanly gatnaşyjylar üçin) töleg töläp tender resminamalaryny almaly.

Tender gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) senenama günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 39-01-58,

39-01-64,

Faks: 39-01-62.

Elektron salgysy: th.gurlushyk@online.tm;

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022