16.06.2021
25.06.2021

Medeniýet ministrligi düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň, Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň binalarynda düýpli abatlaýyş we ýanaşyk ýerleriniň durkuny täzelemek işlerini geçirmek üçin potratçyny seçip almak boýunça

BÄSLEŞIK yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlere bildirilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini,

Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;

— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;

— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2021-nji ýylyň 25-nji iýunyna çenli, her gün sagat 9:00-dan 18:00 aralykda kabul edilýär.

Düýpli gurluşyk bölümi.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

44-00-08, 44-00-39

Aşgabat ş. Bitarap Türkmenistan ş. 461-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022