02.05.2022
04.06.2022

"Türkmenhimiýa" DK awtomatlaşdyrylan maglumatlar binýadyny döretmek boýunça tender yglan edýär

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni, bäsleşik toparynyň adyndan, konserniň merkezi edarasynda hem-de garamagyndaky edara-kärhanalarda awtomatlaşdyrylan maglumatlar binýadyny döretmek, şeýle-de sanly tehnologiýalara esaslanýan awtomatlaşdyrylan ulgamy ornaşdyrmak işleriniň toplumlaýyn taslamasyny düzmek we durmuşa geçirmek boýunça tehniki ýumşy taýýarlamak üçin bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin her Lot üçin 200 (iki ýüz) amerikan dollary möçberinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölegi töläp, bäsleşik resminamalaryny almaly.

Bäsleşik bukjalary, bäsleşige gatnaşmak üçin töleg tassyklanandan soňra kabul edilýär. Teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 39-01-15

+993 12 39-01-16

Elektron salgysy:

th.kiberhowpsuzlyk@online.tm

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
2022